TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Agzybir halkyň beýik maslahaty
10.09.2026 Çäk birleşmeler

Agzybir halkyň beýik maslahaty

           “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň taryhy -syýasy durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary Watanyň daýanjyna deňeýär. Bu beýik ynamdan ruhlanýan ýaşlar ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmakda, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine işjeň gatnaşýan bagtyýar we öňdebaryjy ýaşlar ata Watanyň bedew batly ösüşi,halkyň nurana geljegi bilen baglanyşykly işlere, durmuşa geçirilýän özgertmelere özleriniň dahyllygyna aýdyň göz ýetirýärler. Raýatlyk borjuna we berk syýasy düşünjesine daýanýan ýaşlar ähli halk ähmiýetli maslahatda kabul edilýän taryhy çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmekde hem işjeňlik görkezýärler.

           Milli Liderimiziň ägirt uly tagallasy bilen binýady berkidilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mysalynda halk bilen döwletiň bitewiligi, jemgyýet bilen raýatyň jebisligi şöhlelenýär.Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen belent ynsanperwerlige ýugrulan şygarynda hem, bu hakykat ähli aýdyňlygy bilen öz beýanyny tapýar.

            Halk maslahaty-Türkmenistanyň döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda we milli döwletlilik ýörelgelerinde aýratyn orun eýeleýän edaradyr. Biziň ata-babalarymyzdan gelýän milli demokratiýa, maslahatlaşmak we bilelikde çözgüt kabul etmek däpleri şu günki zaman döwlet dolandyryşy bilen sazlaşykly utgaşýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhyň ähli basgançaklarynda öz milli ýörelgelerine ata-babalarymyzyň baý döwletlilik tejribesine we pähim-paýhasyna daýanyp geldi. Biziň halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda iň jogapkärli, ykbal çözüji meseleleri  terezä salanda, il-gün bilen maslahatlaşmagy, ulyny sylamagy we köpçüligiň pikirine gadyr goýmagy mukaddes borç saýypdyr. Türkmen halky haýsydyr bir möhüm karara gelmezden ozal,ýaşululary, il ýaşulularyny we pähimdar adamlary bir ýere jemläp, Geňeş hem-de Maslahat geçiripdir. Bu däp Oguz handan, Seljukly hökümdarlaryndan tä şu günlerimize çenli dowam edip gelýän beýik milli mirasdyr. Bu günki günde Türkmenistanyň Halk Maslahaty adyny göterýän bu edara diňe bir taryhy däpleriň dowamy bolman, eýsem häzirki zaman demokratik we hukuk döwletiniň durnukly ösüşini üpjün edýän beýik institutdyr. Ol milli birleşdiriji güýç hökmünde halk bilen döwlet häkimiýetiniň arasyndaky berk köpridir. Halk Maslahatynyň düzümine döwlet häkimiýetiniň ähli şahamçalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň geňeşleriniň öňdebaryjy zähmetkeşleriniň, hormatly ýaşulularyň ile belli wekilleri girýär. Bu bolsa ýurdumyzyň her bir künjegindäki raýatyň sesiniň, isleg-arzuwynyň döwlet derejesinde diňlenilmegine we göz öňünde tutulmagyna mümkinçilik döreýär.

           Halk Maslahatynyň başynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmagy bu edaranyň halkara we milli derejedäki abraýyny has-da ýokary göterýär. Taryha ser salsaň ,öz milli taryhy köklerinden peýdalanýan,halkynyň agzybirligini we maslahatlaşmak däbini saklaýan döwletler hemme wagt berk we durnukly bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy we häzirki zaman ähmiýeti hem edil şundadyr.

           Halkymyza parahat, abadan durmuşy peşgeş beren, ösüp gelýän ýaş nesliň hakyky watansöýüji bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

                                                                            

 

 

 

Gurbanmämmet Amanow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar