TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ähmiýetli çäre
Ähmiýetli çäre
08.09.2026 Çäk birleşmeler

Ähmiýetli çäre

        Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

        “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi ýol-ulag hadysalarynyň, şikes almalaryň mese-mälim azalmagyna mümkinçilik bermek bilen birlikde, sürüjilerde-de, pyýada ýolagçylarda-da, körpelerdir mekdep okuwçylarynda-da ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamak endigini terbiýeleýär.

        Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda owadan belent binalar bilen bir hatarda, giň hem tämiz, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman gara ýollarynyň gurulmagy, olaryň degişli ýolyşyklar, ýol belgileri we ýol çyzgylary bilen üpjün edilmegi eşretli zamanamyzda raýatlaryň ýollarda bökdençsiz we howpsuz hereket etmeklerine uly mümkinçilikler döredýär. Köçe – ýol hereketiniň düzgünlerini sürüjileriň berk berjaý edişleri ýaly, olary pyýadalar hem dürs ýerine ýetirmelidirler. Bu möhüm işde mekdebe çenli ýaşly körpeleriň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, şeýle hem her bir raýatyň bu düzgünleri dogry berjaý etmegi zerurdyr. Şu gün TKA-nyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, we etrap polisiýa bölüminiň wekilleriniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 21-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda“ Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy “ diýen at bilen wagyz nesihat ýygnagy geçirildi.

        Ýaşlaryň köçe – ýol hereketiniň düzgünlerini oňat bilmegi we doly berjaý etmegi biziň ýollarymyzyň asudalygyny, ömrümiziň rahatlygyny üpjün eder. Biziň her birimiziň Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýar ýaşap, asuda ýollarda erkana gezmegimiz, ömrümiziň rahat bolmagy üçin taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il – ýurt bähbitli beýik işleri  elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Jumamuhammet Mahmydow

TKA-nyň Gyzylarbat etrap

birleşmesiniň hasapcysy.

Degişli Habarlar