Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň taryhy ösüşleriniň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. “Arkadagyň ýoly – halkyň ýoly" temasy, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşini, döwlet syýasatyny we halkyň bagtyýar durmuşyny şöhlelendirýän iň esasy mowzuklaryň biridir. Bu şygar "Döwlet adam üçindir!" diýen baş ýörelgeden ugur alyp, ýurduň ykdysady, durmuş we medeni taýdan gazanan üstünliklerini öz içine alýar. Arkadagyň Ýoly – Halkyň Ýoly Türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzaýan taryhynda hemişe agzybirligi, parahatçylygy we gurmak, döretmek ukybyny parz bilip gelen halkdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz biziň dünýä giňişligindäki ornumyzy has-da berkitdi. Şu uly ösüşleriň we beýik tutumlaryň özeninde bolsa bir mukaddes hakykat bar: Arkadagyň ýoly – halkyň ýoly, halkyň ýoly bolsa parahatçylygyň, durnuklylygyň we rowaçlygyň ýoludyr. Şu mukaddes ýolda gazanylýan her bir üstünlik,amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdebaryjylygy we Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatynyň iň baş maksady adamyň bähbidine, onuň abadan we bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap şäherler, obalar, zawod-fabrikler, mekdepler we çagalar baglary halkyň bagtyýar geljeginiň binalarydyr. Döwletimiziň alyp barýan ykdysady we durmuş syýasaty diňe bir şu günki güne däl, eýsem geljekki nesillere hem niýetlenendir. Bilim we ylym ulgamynda geçirilýän özgertmeler, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin döredilýän şertler milli badalgasydyr. "Arkadagyň ýoly – halkyň ýoly" diýen jümle diňe bir durmuş-ykdysady ösüşleri däl, eýsem halkyň ruhy we medeni galkynyşyny hem aňladýar. Türkmen medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň, şanly taryhymyzyň we edebi mirasymyzyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy bu mukaddes ýoluň netijesidir. Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuw eden agzybir we berkarar döwleti şu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň doly beýanyny tapýar. Halk bilen döwletiň bitewüligi, Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töweregine berk jebisleşmegi Türkmenistan Watanymyzy täze üstünliklere tarap ynamly öňe alyp barýar. Şonuň üçin hem, Arkadagymyzyň saýlan ýoly biziň her birimiziň ýürek urşumyz, eziz Watanymyzyň röwşen geljegidir.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadygymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmek,halkara at-abraýyny belende galdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin. “Arkadagyň ýoly - Halkyň ýoludyr”. Sebäbi bu ýol agzybirligiň, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we bagtyýar geljegiň ýoludyr. Kalby watan söýgüsi bilen püre-pür bolan agzybir türkmen halky öz Milli Lideriniň we döwlet Baştutanynyň daşyna berk agzybir bolup birleşip, täze eýýamyň beýik maksatlaryna tarap ynamly öňe barýar.
Halkyny baky bagta we rowaçlyga alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Şirinaý Gündogdyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni