Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda joşgunly zähmet, wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçilen menzillere ser salanyňda, kalbyňy buýsançly duýgular gurşap alýar. Çünki niräňe seretseň, göwün göteriji gözellik, asyrlara barabar işler 35 ýylyň içinde geçilen menzil garaşsyz Watanyny tüýs ýürekden söýýän, ony başynyň täjine deňeýän merdana halkymyzy taryhy üstünliklere ýetirip, ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna ymykly goşdy. Garaşsyzlyk ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmegiň esasy bolup, bu günki gün ýurdumyza nur saçýar.
Ata Watanymyzda gurlan täze-täze önümçilik desgalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir.
Ine şular barada ýakynda TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda 9-njy orta mekdebiniň mejlisler ojagynda “Şanly toýa batýarys” at bilen etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, işjeň agzalarynyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda buýsanç bilen gürrüň edildi. Maslahata gatnaşanlar Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylajakdyklaryny ynandyrmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Resul Atajanow,
TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy