TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Bagtyýarlyk nury
Bagtyýarlyk  nury
11.09.2026 Çäk birleşmeler

Bagtyýarlyk nury

      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen şu ýylda ähli ugurlarda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna uly zähmet üstünlikleri we döredijilik joşguny bilen barýan merdana halkymyz bedew batly ösüşleriň, gazanylýan üstünlikleriň  we ýetilýän belent sepgitleriň hözirini görýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, hakyky watançy adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler guwandyryjydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan  tutumly işleriň ählisi halkymyzyň abadan, bagtyýar we eşretli durmuşda  ýaşamagyna  gönükdirilendir.   

      Garaşsyzlyk bagtynyň näderejede gymmatlydygyna beýikdigine düşünýän halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny her ýyl uludan tutýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz halkara çäreleriň-forumlaryň, sergileriň, konferensiýalaryň, halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyzda höküm sürýän häzirki asuda, abadan hem parahat we bagtyýar durmuş beýik Garaşsyzlygymyzyň eçilen eşretleridir. Ine şular barada ýakynda TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan tassyklanan meýilnamasy esasynda etrap medeniýet merkezinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy beýik arzuw-umytly, sabyr-kanagatly halkymyzyň iň arzyly arzuwynyň hasylydyr” atly wagyz nesihat çäresinde giňişleýin gürrüň edilip, şeýle ajaýyplyklary bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

 

 

Resul  Atajanow,

TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy

 

Degişli Habarlar