TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Balkan welaýatynda güýzki bugdaý ekişine badalga …
02.09.2026 Çäk birleşmeler

Balkan welaýatynda güýzki bugdaý ekişine badalga berildi

       Döwlet Baştutanymyzyň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Ministr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň bar­şyn­da bugdaý eki­şi­ne be­ren ak pata­syn­dan ruh­la­nan we­la­ýaty­my­zyň babadaý­han­la­ry il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň «Bismil­la­sy» bi­len bugdaý eki­şi­ne guramaçy­lyk­ly gi­riş­di­ler. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda bugdaý eki­şi­ne da­ba­ra­ly başla­mak bilen baglany­şyk­ly maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň, etraplaryň häkimlikleriniň, gowaça ekişine dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, oba hojalyk işgärleri, kärendeçiler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

       Maslahatyň barşynda bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary guramaçylykda hem-de öz wagtynda geçirmekde, kuwwatly tehnikalary   bökdençsiz işletmek bilen, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi.

    Maslahata gatnaşyjylar soňra Gyzylarbat etrabynyň «Ezber eller» daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşdylar. Asylly däbe görä, bugdaý ekişine il içinde uly sylag-sarpanyň eýesi bolan hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen girişildi. Bu ýerde guralan ajaýyp sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent joşgun bilen ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary, milli tanslary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

       Çäräniň geçýän ýerinde ak öýler dikilip, türkmeniň gadymy küren obasynyň keşbi döredilipdir. Maldarlaryň durmuşyny suratlandyrýan görnüşler hemmeleriň üns merkezinde boldy. Bu ýerde ýaýbaň­landyrylan el işleriniň sergisi, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri, hünärli ussalaryň elinden çykan zähmet gurallary we öý-hojalyk esbaplary mähelläniň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça gurnan dürli bäsleşikleri, görkezme çykyşlary aýratyn täsirli boldy.

      Baý many-mazmuna beslenen dabaranyň geçýän ýerinde welaýatyň oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň önümleriniň sergisi hem guraldy. Bu bolsa welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesi bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi. Daý­han yh­la­sy bi­len ýe­tiş­diri­len dür­li ir-iý­miş­le­riň, gök-bak­ja, şeýle-de çörek önüm­le­riniň ser­gi­si has-da ün­si çe­ki­ji boldy.

 

 

 

 

 

Jeren Garajaýewa,

TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar