TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Baş maksadymyz-hereket howpsuzlygy
Baş maksadymyz-hereket howpsuzlygy
17.09.2026 Çäk birleşmeler

Baş maksadymyz-hereket howpsuzlygy

       Häzirki wagtda dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesi jemgyýetçilik guiramalary, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bilen bilelikde guramagynda çagalar baglarynda we mekdeplerde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça guralan okuw sapaklarynda pyýadalaryň özleri üçin niýetlenen ýerlerden geçmekleri, ýollaryň gyrasynda oýnamaly däldigi, ýol hereketiniň kadalaryny gyşarnyksyz we dogry berjaý etmekleri düşündirilýär. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäräniň her ýyl geçirilmegi öňyn netijeleri berýär. Mekdep okuwçylaryna pyýadalaryň borçlary, ýol belgileri we olaryň talaplaryna laýyklykda özüňi alyp barmagyň düzgünleri hakynda düşünjeler berilýär. Şeýle çäreleriň biri ýakynda etrabyň 5-nji orta mekdebinde geçirildi.

      Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň mazmuny hem ynsan saglgyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar diýip, çärede çykyş edenler belleýärler.

     Çärä gatnaşanlar ynsanperwer işleriň sakasynda duran, her bir rýatyň howpsuz abadan durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň rahatlygy ugrunda irginsiz zähmet çekýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniňuzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärler!

 

 

 

 

Meretdurdy Kitçimow,

TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni

 

Degişli Habarlar