2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Esenguly etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Hünärli nesil-röwşen geljek” atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinden gyzlar gurnaklarynyň toparynyň 7-si gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan gyzlar gurnaklarynyň toparlary bu bäsleşigiň şertleri boýunça özarä bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, Esenguly etrabynyň Garadegiş obasyndaky 4-nji orta mekdebiniň gyzlar topary 1-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Amanmämmet Durdyýew,
TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.