TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Bedew batly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar eziz …
Bedew batly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar eziz Diýar
01.09.2026 Çäk birleşmeler

Bedew batly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar eziz Diýar

                Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna , Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça KA-nyň etrap,  şäher birleşmelerinde,  KA-nyň ilkinji guramalarynda  wagyz-nesihat, düşündiriş işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň etrap  şäherlerinde-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini ilata, ylaýta-da , ýaş nesillere giňden düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Kärdeşler arkalaşygynyň agzalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýeti barada guralýan täsirli wagyz-nesihat çärelerine, duşuşyklaryna işjeň gatnaşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän şeýle taryhy wakalaryň, kabul edilýän il-ýurt bähbitli çözgütleriň ähmiýetini, olardan gelip çykýan wezipeleri ildeşlerimize düşündirmekde, wagyz etmekde mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem tutumly işlere badalga berler, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň berkararlygy üçin taryhy kararlar, çözgütler kabul ediler. Halkymyzyň asuda durmuşy, parahat ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

 

 

Meretdurdy Kitçimow,

TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar