Dünýä mähribanlyk eçilýän enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň nurana keşbi, olaryň adatdan daşary mähribanlygy ähli döwürleriň we halklaryň mukaddes düşünjeleri bilen utgaşýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň asyrlaryň dowamynda türkmen maşgalalarynda emele gelen milli mukaddeslikleriň pederlerimiziň miras galdyran iň gowy häsiýetleriniň we ýörelgeleriniň esasynda terbiýelenmeginde zenanlara möhüm orun degişlidir. Owadan dünýäniň göwher gaşyna gül-gunçaly zeminiň lälesine deňelýän türkmen zenanlary milletimiziň öňden gelýän asylly däplerine laýyklykda, döwleti dolandyrmakda we häkimiýet edaralarynda mynasyp orny eýeleýärler, jemgyýetimizde bolup geçýän täzelenişe işeňňir gatnaşýarlar ,ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, dürli jemgyýetçilik guramalarynda joşgunly zähmet çekmegiň, görüm-göreldäniň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlaryň kanun taýdan goraglylygyna degişli meseleleri, has takygy jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak,eneligi we çagalygy goramak, deň hukuklylygy ösen döwletleriň derejesine ýetmek milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi mähriban zenanlarymyzyň eziz diýarymyzda mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda ogul-gyzlaryny Watansöýüji, edep-ekramly edip ýetişdirmekde jemgyýetimizde agzybirligi berkitmekde bitirýän işlerine berilýän ýokary bahadyr. Zenan mertebesiniň belentde tutulýandygynyň subutnamasydyr.
Bagtyýar enelerimize nurana gelin-gyzlarymyza aýratyn hormat sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlary dik, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Begnazarowa Bahargül,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Bereket etrap birleşmesiniň baş buhgalteri