Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri ýaşlara düşündirmek, olarda milli buýsanjy kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir. Merdana ata-babalarymyzyň dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy, medeni, söwda, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bitiren işlerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistanda hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mynasyp dowam edýändigini wagyz etmek, şeýle hem ýaş nesli eziz Watanymyza Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek bilim işgärleriniň öňünde goýlan uly we jogapkärli wezipelerdir. Ylyma, bilime aýratyn sarpa goýýan mähriban Prezidentimiz bu ulgamy kämilleşdirmeklige uly üns berip,ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda bilim,döwrebap terbiýe bermek meseleleri ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Ata Watanymyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilip geçilýär. Ähli halkymyz,aýratyn-da,ýaşlar,olara bilim-terbiýe berýän, hünär öwredýän mugallymlar we talyplar bu güni buýsanç bilen belläp geçýärler.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet öýünde bilim ulgamynyň işgärleriniň we edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Bilimli nesil – kuwwatly Watan” ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşykda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesiniň hem dünýä ülňülerine kybapdaş alnyp barylmagy we onuň barha kämilleşdirilmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy, ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin edýän yhlasy bilim işgärleriniň gujur gaýratlaryny gaýgyrman,yhlas bilen işlemäge ruhlandyrýanlygy barada şeýle-de “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly — 2026-njy ýylymyz mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip bellenilýän, ýurdumyz we halkymyz üçin iňňän möhüm taryhy ähmiýetli we buýsançly wakalara baý bolan ýyl hökmünde döwletimiziň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny çykyşlarda joşgunly beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Arazmämmedowa Şemşat,
TKA-nyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş hasapçysy