TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Bir aýlygyň çäginde
11.09.2026 Çäk birleşmeler

Bir aýlygyň çäginde

   Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmeklige degişli işleri durmuşa geçirmekde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny kesgitleýän beýleki hukuk namalary möhüm kadalaşdyryjy binýat bolup hyzmat edýär. Bu kanun ýurdumyzyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanun bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.

   Bir aýlygyň çäklerinde TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi  we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Bereket etrabynyň 22-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz- ündew çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Olarda bir aýlygyň ähmiýeti, raýatlaryň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesil barada döwletimizde edilýän aladalar dogrusynda täsirli çykyşlar edilýär. Çärelerde, esasan hem mekdep okuwçylara köçeden geçmegiň düzgünleri,diňe ýanýodadan hem-de pyýadalara niýetlenen ýerlerden, olaryň ýok halatynda ýoluň gyrasyndan ýöremäge rugsat edilýändigi, köçede şeýle-de köçä ýakyn ýerlerde oýnamagyň, welosiped sürmegiň howpludygy barada düşündirilýär.

    Bir aýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler guralyp, olaryň oňyn netijeleri berýändigi guwandyryjydyr.

    Berkarar döwletimizi gülledip ösdürýän, agzybir halkyny eşretli abadan durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

 

 

 

 

Meredow Guwanç,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň                                          

Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

 

Degişli Habarlar