Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdumyz günsaýyn ösýär-özgerýär, belent sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň her bir tabşyryklaryny, sargytlaryny önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň, mekdep okuwçylarynyň şeýle-de ýerli ýaşaýjylaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesi, ýaşuly nesillerimiziň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde täsirli çäreleri yzygiderli gurnaýar.
Şu gün Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň syrasynda-23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigi we Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy baýramy mynasybetli Gyzylarbat etrap häkimliginiň mežlisler zalynda etrabyň ýaşuly nesilleriniň, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, edara-kärhanalarda, guramalarda, hususy kärhanalarda zähmet çekýän agzalaryň, orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň hem-de ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmaklarynda “Belentden, belent sepgitlere tarap” ady bilen dabaraly çäre geçirildi.
Bu dabaraly çärede, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize beren ajaýyp zamanasynda okamaklyga, işlemeklige, döretmeklige we gurmaklyga döreden ajaýyp mümkinçiliklerini, hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň ýeten belenen sepgitleri dogrusynda edilen gyzykly gürrüňler, dabaraly çärä gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyryp, kalblaryny joşdurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt, döwlet şeýle-de bütin adamzat bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Döwletmyrat Tatarow,
TKA-nyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň başlygy