TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Döwrüň ak ýollary, aman ýollary
Döwrüň ak ýollary, aman ýollary
08.09.2026 Çäk birleşmeler

Döwrüň ak ýollary, aman ýollary

        Köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy barada ilatyň arasynda, aýratynam çagalar we ýetginjekler bilen düşündiriş işlerini geçirmek, ýurdumyzyň ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyna düşünjeli garaýşy terbiýelemek ýurdumyzda döwlet derejesindäki derwaýyş wezipe hökmünde öňde goýulýar. Şu maksat bilen baglanyşykly her ýyl ýurt möçberinde geçirilýän  “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çärä Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bilen bir hatarda bilim edaralary,  habar beriş serişdeleri we jemgyýetçilik guramalary hem işeňňir goşulýarlar.

         TKA-nyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi hem kenarýaka şäherimizde bilim-terbiýe işgärleriniň, saglygy goraýyş pudagynyň hünärmenleriniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda mekdebe çenli ýaşly körpelerden başlap, mekdep okuwçylarynyň arasynda bu ugurda diýseň täsirli wagyz-nesihat çäreleriniň işlenip taýýarlanmagyna hem-de guramaçylykly geçirilmegine işjeň ýardam edýär. 

        Golaýda Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 5-nji orta mekdebiniň kiçi ýaşly okuwçylary bilen bilen geçirilen ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegi babatdaky wagyz-nesihat duşuşygynyň has giňişleýin gün tertibi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer we parahatçylykly içeri hem-de daşary syýasaty, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlary, ýaş nesliň beden we ruhy sagdynlygy ýaly döwrümiziň derwaýys meselelerini öz içine aldy.

        Çäräni mekdebiň müdiri J.Jumakowa açyp, mekdep okuwçylaryny duşuşygyň hormatly myhmanlary bilen tanyşdyryp, çärä gatnaşyjylary Watanymyzyň garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 35 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady we wagyz-nesihat duşuşygynda göz öňünde tutulan çykyşlaryň ýaş nesliň terbiýesi bilen baglydygyny nazara alyp, bu meselelere dykgat bilen çemeleşmegiň zerurdygyny ýatlatdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri G.Baýlyýewa öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelip ýeten maşgala mukaddesliklerimize, gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza uly hormat goýulýandygyny, ata Watanymyzda milli ýörelgelere sarpanyň elmydama belent bolmalydygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlary dogrusyndaky söhbetiniň many-mazmunyna çagalaryň ünsüni çekdi. TKA-nyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň esasy hünärmeni G.Toýlyýewa Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgündäki taryhy çykyşynyň ýaşlar üçin ýörelgelik gymmatlygy barada söz açyp, maşgala gatnaşyklarynyň miras galýan, gorap saklamaga degişli gymmatlykdygy, maşgaladaky asudalygyň, agzybirligiň we rahatlygyň jemgyýetimiziň abadançylygydygy barada Milli Liderimiziň sargytlarynyň many-mazmunyny wagyz etmek bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň guramaçysy Ş.Sary ogly Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndaky “Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi siziň nurana ykbalyňyz bilen baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siz öz alan bilimiňiz we zähmetiňiz, edep-ekramyňyz we zähmetsöýerligiňiz bilen eziz Watanymyzyň şöhratyny mundan beýläk-de belende götermelisiňiz” diýen sargydynyň ýaşlara bildirilýän ummasyz ynamyň beýanydygyny aýdyp, ýurdumyzda ýaş nesil üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda durup geçdi we sarpasy belent Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan özlerine bildirýän belent ynamy ödemek üçin yhlas etmäge ýaşlary çagyrdy. Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany M.Myratnyýazow köçe-ýol hadysalarynyň öňüni alyp, saglygymyzy we ömrümizi şikeslerden we howp-hatarlardan goramakda ilkinji ornuň köçe-ýol hereketine gatnaşýan raýatlarymyzyň her birisine degişlidigini ýatlatmak bilen, ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünini we medeniýetini berjaý etmegiň, köçede ünsli, dykgatly we seresap bolmagyň her birimiziň adamçylyk we raýatlyk borjumyzdygyny ündäp çykyş etdi.    

       Çykyş edenleriň ählisi  hakyky watança mynasyp raýat aň-düşünjeliligini, jemgyýetçilik durnuklylygyny hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ömürlik hemra edinip, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyza aýawly garamagy, özleri barada edilýän aladalara mynasyp jogap hökmünde geljekki hünärmenler hökmünde ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy ýaşlara sargadylar.

       Wagyz-ündew çäresine gatnaşan körpe raýatlar hem, çäräniň hormatly myhmanlary hem halkymyzyň eşretli durmuşy we bagtly geljegi üçin bimöçber tagallalary edýän eziz Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

 

 

 

Serdar Annamämmedow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  

Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň baş hasapçysy

Degişli Habarlar