TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Bereket etrabynyň 2-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsyzlygy barada wagyz nesihat çäresi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna, şeýle-de raýatlary hukuk kadalaryny hormatlamak esasynda terbiýelemäge uly ýardam berýär. Döwrebap ýollarymyzda howpsuzlygy üpjün etmekde amala aşyrylýan möhüm çäreler ýurdumyzda adam we onuň saglygy, abadan we asuda durmuşy hakynda bimöçber alada edilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýar. Muňa ýylyň ýylyna geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk hem mysal bolup biler. Şeýle möhüm çäräniň esasy maksady ilatyň, aýratyn hem, ýaş nesillerimiziň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalary barada wagyz ündew, düşündiriş işlerini geçirmäge, hereket howpsuzlygyna düşünjeli garaýşy kemala getirmäge, netijede, her bir raýatyň, her bir maşgalanyň abatlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Ýollarymyzda asudalygy üpjün etmekde her bir raýat öz borjuna doly we dogry düşün melidir hem-de ony bir kemsiz berjaý etmelidir.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Guwanç Meredow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni