TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Edep-terbiýä bagyşlandy
Edep-terbiýä  bagyşlandy
10.09.2026 Çäk birleşmeler

Edep-terbiýä bagyşlandy

     Ýakynda TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesi etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda 9-njy orta mekdebiniň mejlisler otagynda jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda  mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň ene-atalar bilen duşuşygy guraldy.

     Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler, bilim ulgamyndaky ösüşler barada giňişleýin gürrüň edildi.

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli künjünde açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, ylaýta-da, häzirki zaman mekdepleridir çagalar baglarynda okamaga, bilim almaga, zähmet çekmäge döredilen ähli şertler barada buýsanç bilen bellediler.

      Okuwçylara bolsa döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, oňat okamaklary, tertipli bolmaklary, bilim almaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekleri barada öwüt-ündew etdiler.

     Duşuşyga gatnaşanlar şeýle ajaýyp şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.     

 

 

 

 

Meretdurdy  Kitçimow,

TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar