TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli
17.09.2026 Çäk birleşmeler

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli

       “Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir tutumly işleriniň mysalynda ýaşlar baradaky aladynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigine aýdyň göz ýetirýäris. “Ýaşlyk bir gyzyl güldür” diýilişi ýaly, gözellige deňeşen ynsan ömrüniň bu pursady türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilik açýar. Şeýlelikde,  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymzyň tagallalary netijesinde türkmen ýaşlarynyň watansöýüji,ruhybelent, ylymly-bilimli, edepli-ekramly, sagdyn bedenli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda ýaşlar syýasaty döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup, ol ýaşlaryň durmuşda özbaşdak orun eýelemegini we hünär taýdan kämilleşmegini goldamak maksadyna gönükdirilendir. Döwlet ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, halypa-şägirt gatnaşyklary ösdürilýär, türkmen  ýaşlarynyň geljegine uly umyt baglanylýar. Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň bildirýän belent hem-de mukaddes ynamyna okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, döretmek bilen jogap berýärler.

       Bu gün Magtymguly etrabynyň sunagat mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Mukaddes Garasşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli surat çekmek çäresini geçirdiler. Sungat mekdebiniň okuwçylary Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşini, asudalygyny, parahatçylygyny, bagtyýar durmuşda ýaşaýanlygymyzy öz çeken suratlarynda wasp etdiler.

        Halkymyza parahat, abadan durmuşy peşgeş beren, ösüp gelýän ýaş nesliň hakyky watansöýüji bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!             

 

 

 

 

 

Şirinaý Gündogdyýewa,

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň

Magtymguly etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar