Eziz Watanymyz Türkmenistan 1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyzlygyny yglan etmek bilen, taryhda täze sahypany açdy. Şol gün türkmen halkynyň alnynda ak gün dogdy. Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümizden başlap, ýurdumyzda ägirt uly özgertmeler, ösüşler bolup geçdi. Magtymguly atamyzyň “Berkarar döwlet istärin” diýip arzuwlan zamanasy berkarar boldy.
Garaşsyzlyk-biziň baş mukaddesligimiz, özygtyýarlylygymyz, ata-babalarymyzyň erkinlik hem-de milli bitewülik hakynda eden köp asyrlyk arzuwynyň amala aşmasydyr.
Ine şular barada TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk-baky bagtymyz” atly wagyz-nesihat çäresinde giňişleýin gürrüň edilip, halkymyzyň geljegi barada taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Amanmämmet Durdyýew,
TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş buhgalteri