TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / “Garaşsyzlyk – Mizemez binýadymyzdyr” atly çäresi
24.09.2026 Çäk birleşmeler

“Garaşsyzlyk – Mizemez binýadymyzdyr” atly çäresi

       Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzy taryhy özgerişlere besledi. Watanymyz günsaýyn gözelleşýär. Täze-täze binalar gurulýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabaraly baýramçylygy bosagada. Ildeşlerimiziň agzybirlikde hem jebislikde toý toýlamaga, şatlykly günde birek-birek bilen didarlaşmaga, ýagşy niýet-arzuwlaryny ýaýmaga bolan islegi kalplarda joş urýar. Dilleriň senasyna, ýürekleriň buýsanjyna öwrülen Garaşsyzlyk her bir türkmeniň ömür hem durmuş ýoluna bagtyň nuruny çaýdy. Garaşsyzlyk toýy dünýäniň çar tarapyna ýaýran türkmeniň ykbal toýy, bagt toýy, bitewülik toýy, beýiklik toýy. Gazanylýan üstünlikler, görlüp-eşidilmedik ösüşler agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlygyň röwşen menzillerine batly gadam urýandygynyň güwäsine öwrüldi. Bu nurana ýollarda goşa ganatymyz mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyzyň bagtyýar geljegiň aýdyň menzillerine alyp gitjek egsilmez kuwwatymyzdyr.

       1991-nji ýylyň tylla güýzüniň şol ajaýyp gününden başlap, türkmen özüniň şu Watanyň, şu topragyň hak eýesidigine, geljekki ykbalyny hiç kime garaşly bolmazdan, diňe özüniň gülledip, ösdürip biljekdigine, geçmişiniň beýikdigine, juda buýsançly hem şöhratly taryhynyň bardygyna düşündi. Ýüreklerde bagtly geljege bolan arzuw-umytlar, haýyrly hem halal işleri amala etmäge islegler,ýagşy niýetler joşdy. Netijede, Garaşsyzlyk Watanymyz ösdi, özgerdi, gülledi, syýasatda, ykdysadyýetde belent sepgitleri gazandy.

       “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 35 ýyllyk şanly senesi uludan toýlanýan Garaşsyzlyk külli türkmeni eziz Watanyň mähri bilen ýylatdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagalalary netijesinde asuda, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynyň ýurdumyzda möhüm ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen şöhratlanmagy tutuş halkymyzyň hoşallyk duýgusyny artdyrýar. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň wysala ýetmegine mümkinçilik beren mukaddes Garaşsyzlyk, hakykatdan hem uly keramatdyr, bahasyz gymmatlykdyr.

       Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen belent sepgitlerden, gazanylýan ajaýyp üstünliklerden ruhlanyp,halkymyz berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin ösüşleriň täze belentliklerine tarap batly gadam urýar.

       Çäräniň ahyrynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň işewir agzalaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesi tarapyndan  höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

      Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, mertebeli başlary belent, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk beýik tutumly işleri uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

 

 

 

 

 

Gurbanmämmet Amanow,

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň

Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar