TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Garaşsyzlyk -Watanmyzyň baky binýady
16.09.2026 Çäk birleşmeler

Garaşsyzlyk -Watanmyzyň baky binýady

        Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bosagada dur. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi.

        Garaşsyzlyk ̶ halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr.

        Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany. Türkmen halky bu gün öz bagtyna dünýä eşretleriniň el ýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň altyn güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr.

        Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýyşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

        Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

        Medeni çärede çykyş edenler, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş tutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de ösüşlere beslenmegini ýürekden beýan etdiler.

 

 

 

Ýagşymämmet Begliýew,

TKA-nyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň başlygy   

Degişli Habarlar