TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Geňeş- halk bilen döwleti birleşdiriji güýçdür
Geňeş- halk bilen döwleti birleşdiriji güýçdür
10.09.2026 Çäk birleşmeler

Geňeş- halk bilen döwleti birleşdiriji güýçdür

   Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi» diýip belläp geçýär. Halk häkimiýeti we halk bilen geňeşmek ýörelgesi döwletiň uly bir jemgyýet hökmünde beýgelmegine hem-de ösmegine oňyn täsir edýär. Diýmek, geňeş halk bilen döwleti birleşdiriji güýçdür. Bilşimiz ýaly, döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek, elbetde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesidir.

   2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 10-na Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylaryň arasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň jemgyýetçilik guramalary we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesi bilen bilelikde “Geňeş-halk bilen döwleti birleşdiriji güýçdür” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

  Çärede Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň ilatynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Bu Konstitusiýanyň 3-nji maddasyna laýyklykda bellenilip, döwletiň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, has takygy, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Halk öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy üçin döredilen binýadyny has-da berkider. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde bu ählihalk forumyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerine gatnaşmak, onuň netijeli we üstünlikli geçmegine goşant goşmak her raýatyň Watan öňündäki mynasyp borjudyr-diýip wagyz-nesihat edildi.

 

 

 

 

Dursuntagan Abaýewa,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler

arkalaşygynyň Türkmenbaşy etrabynyň

ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň

Geňeşiniň başlygy  

Degişli Habarlar