Ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” ady bilen Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň, TDP-nyň Bereket etrap komitetiniň, TMÝG-nyň Bereket etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Bereket etrabynyň sport mekdebinde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän erkek adamlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş örän gyzgalaňly we çekeleşikli geçdi. Bu ýaryşda 1-nji orny Bereket etrabynyň sport mekdebinden düzülen topar, 2-nji orny Bereket etrabynyň polisiýa bölüminden düzülen topar, 3-nji orny bolsa, Bereket etrabynyň bilim bölüminden düzülen topar eýelemegi başardylar. Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Bereket etrap geňeşiniň sowgatlary we Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Şemşat Täjowa,
Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebiniň usulyýetçisi, Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.