TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Halk maslahaty: Döwletli tutumlara badalga
Halk maslahaty: Döwletli tutumlara badalga
21.09.2026 Çäk birleşmeler

Halk maslahaty: Döwletli tutumlara badalga

       Bereket şäherindäki Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň 15.07.2026 ýylda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň gurnamagynda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhyň sahypalaryna baky ýazyljak döwletli tutumlara, beýik işlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda ägirt uly ösüşler, belent sepgitler gazanylýar. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalar kabul edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu beýik maksatlar rowaçlyklara, üstünliklere, ösüşlere beslenýär. Bu ösüşler bolsa halkymyzy bagtyýar geljege tarap bedew bady bilen öňe alyp barýar.

        Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýo­la go­ýulma­gy, hal­ky­my­zyň ar­zuw-is­leg­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­leri­ne we­pa­ly­dy­gy­my­zyň ny­şa­ny­dyr. Bu mö­hüm ta­ry­hy mas­la­hat türk­men de­mok­ra­ti­ýa­syn­da öz my­na­syp or­nu­ny alan hal­ky­lyk ýö­rel­ge­si­ni özün­de jem­le­ýän döw­let­li­lik­den ny­şan­dyr. Bu mas­la­ha­ty ge­çir­mek bi­len hal­ka hyz­mat et­mek­de, onuň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak­da we jem­gy­ýet­de ösüşi üp­jün et­mek­de türk­men döw­le­ti özü­niň esa­sy mak­sa­dy­ny be­ýan ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty — döw­let­li iş­le­riň göz­ba­şy, döw­let­li­li­giň aý­dyň ýo­ly. On­da ýur­du­my­zyň ýa­kyn we uzak gel­je­gi­ni na­zar­laýan bir­nä­çe me­se­le­le­riň oňyn çöz­gü­di ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Bu umu­my­ mil­li fo­rum­da Wa­tany­my­zyň dür­li kär­dä­ki, hü­när­dä­ki ra­ýat­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­li­giň dür­li ugur­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da il-gü­nüň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­rilen, dur­nuk­ly ösü­şiň äh­li ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan wa­jyp, mil­le­tiň yk­ba­ly­na oňyn tä­sir ed­ýän anyk ka­rar­lar­dyr çöz­güt­ler ka­bul edi­ler.

       Çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

 

 

 

 

 

 

Guwanç Meredow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar