TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Halk maslahaty: Geňeşli Salamat bolar
Halk maslahaty: Geňeşli Salamat bolar
02.09.2026 Çäk birleşmeler

Halk maslahaty: Geňeşli Salamat bolar

        Bereket şäherindäki Tikinçilik fabriginiň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň 15.07.2026 ýylda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň gurnamagynda, Bilim işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhyň sahypalaryna baky ýazyljak döwletli tutumlara, beýik işlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda ägirt uly ösüşler, belent sepgitler gazanylýar. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalar kabul edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu beýik maksatlar rowaçlyklara, üstünliklere, ösüşlere beslenýär. Bu ösüşler bolsa halkymyzy bagtyýar geljege tarap bedew bady bilen öňe alyp barýar.

       Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet eda ralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolan dyrmakda toplan baý tejribesi,öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesini ileri tutandygy «Är ýagşysy ile geňeşer», «Geňeşene giň dünýä», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli toý dargamaz», «Geňeşli toý uzak gider», «Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde—deňlik», «Mert söweşde belli, dana—geňeşde», «Maslahatly biçilen dongysg abolmaz» ýaly halk pähimlerinden hem görünýär. Şu ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hemde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklar berdi.

     Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde Watanymyzyň güýç kuwwaty, abraý mertebesi hem-de beýik   geljegi   bolan    ýaşlarymyzyň    alyp  barýan    işlerine, gazanýan üstünliklerine men örän ýokary baha berýärin. Ata-babalarymyzyň watan söýüjilik   ruhuny, asylly  milli hemde zähmet däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş nesillerimiz mundan beýläkde ähli gujur gaýratyny Ata Watanymyzyň   berkararlygyny     hasda   pugtalandyrmaga    bagyş etmelidirler» diýen sözleri ýaş nesilleriň başyny göge ýetirýär diýip belläp geçdi.

    Çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

 

 

Guwanç Meredow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

 

Degişli Habarlar