Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, adalat, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, şeýle hem raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, degişli kararlary kabul etmek we jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär. Mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edilýär. Şeýle hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna seredilýär.
Bu taryhy waka mynasybetli 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 07-ine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenbaşy etrabynyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň,mekdep okuwçylarynyň, etrap halk maslahatynyň agzalarynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, kümüş saçly enelerimiziň we ak sakgally ýaşulularymyzyň gatnaşmagynda “Halk maslahaty-halkymyzyň jebisliginiň synmaz sütüni” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek taryhy çözgütler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolmak bilen, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde aýgytly ädime öwrüler. Ol Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan beýik işleriň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň uly goldawa eýe bolýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezer-diýip uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny täze belentliklere we ösüşlere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyklaryny beýan etdiler.
Arazmämmedowa Şemşat,
TKA-nyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş buhgalteri