Bereket şäherindäki Tikinçilik fabriginiň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň 15.07.2026 ýylda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň gurnamagynda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhyň sahypalaryna baky ýazyljak döwletli tutumlara, beýik işlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda ägirt uly ösüşler, belent sepgitler gazanylýar. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalar kabul edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu beýik maksatlar rowaçlyklara, üstünliklere, ösüşlere beslenýär. Bu ösüşler bolsa halkymyzy bagtyýar geljege tarap bedew bady bilen öňe alyp barýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletliligi berkitmegiň, milli demokratiýany öňe alyp gitmegiň, halkyň abadan, rahat durmuşynyň, ýurduň ösüşleriniň möhüm daýanjydyr. Ata-babalarymyz mundan müňlerçe ýyl ozal hem il-halk, döwlet ähmiýetli, örän jogapkärçilikli möhüm meseleleri çözmekde maslahatlaşmak ýörelgelerine esaslanypdyr. Şeýle meselelerde düşünjeli, ylymly, tejribeli adamlaryň pikir-garaýyşlary, teklipleri diňlenilipdir.
Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň şu gezekki mejlisinde-de şeýle zerur meselelere, şol sanda döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, jemgyýetçilik demokratiýasyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bitirilen işlere, öňde duran möhüm wezipelere garalar diýip ynan ýarys. Ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda döwlet syýasatynyň ähmiýetini düşündirmäge üns çekiler. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky möhüm çözgütler kabul ediler. Halk Maslahaty ýaşlar bilen baglanyşykly döwlet syýasatyny goldamagy öz işiniň möhüm ugurlarynyň biri hasaplaýar. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, döredijilik ukyplaryny ösdürmegi, hünärleri ele almagy, jemgyýetde mynasyp orun tapmaga hem-de ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine işjeň gatnaşmaga hyjuwlylygy, olarda halkyň, ýurduň ykbaly üçin jogapkärçilikli giň kemala gelmegi, milletiň bagtly geljeginiň, döwletiň pugta goraglylygynyň esaslaryndandyr diýip belläp geçildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
Guwanç Meredow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni