TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Halk maslahaty:Döwletli geňeşe barýarys
Halk maslahaty:Döwletli geňeşe barýarys
10.09.2026 Çäk birleşmeler

Halk maslahaty:Döwletli geňeşe barýarys

       Bereket etrabynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň 15.07.2026 ýylda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň gurnamagynda, edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhyň sahypalaryna baky ýazyljak döwletli tutumlara, beýik işlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda ägirt uly ösüşler, belent sepgitler gazanylýar. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalar kabul edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu beýik maksatlar rowaçlyklara, üstünliklere, ösüşlere beslenýär. Bu ösüşler bolsa halkymyzy bagtyýar geljege tarap bedew bady bilen öňe alyp barýar.

         Gahryman Arkadagymyzyň   “Türkmenistanyň    2026-njy ýylda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” Türkmenistanyň Halk maslahatynyň işiniň ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen birlikde 2026-njy ýylda ýerine ýetirmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy barada ýygnaga gatnaşyklara we dürli ugurlardaky edara-kärhanalaryň işgärlerine milli maksatnamasyny durmuşa geçirilmegi üçin kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirildi.Döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak,hukuk kömegini bermek,ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak,olary goldamak babatda hem-de çagalaryň iň gowy bähbidini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmek barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.Şunuň ýaly işleri durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sag bolsunlarymyzy aýdýarys.       

 

 

 

 

Gulatar Gazakow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar