TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Hereket sazlaşykly bolmaly
Hereket sazlaşykly bolmaly
16.09.2026 Çäk birleşmeler

Hereket sazlaşykly bolmaly

        TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Bereket etrabynyň 21-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsyzlygy barada wagyz nesihat çäresi geçirildi

        Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk ýurdumyzda adamyň saglygyna we onuň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen bimöçber aladanyň bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykmasy. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygy, asuda durmuşy babatda amala aşyrýan işleriniň dowamat-dowamdygynyň güwäsidir. Ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek biziň raýatlyk borjumyzdyr. Ýol hereketine gatnaşýanlar kadalary doly we dogry berjaý etmelidirler. Pyýadalaryň ýoluň ýörite bellenilen ýerlerinden, ýerüsti we ýerasty geçelgelerden geçmekleri, sürüjileriň habardar ediji görkeziji belgilere ünsli bolmaklary zerurdyr.           «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde meýilnama boýunça Bereket etrabynyň mekdeplerinde, ýokary synyp okuwçylarynyň arasynda çäreler guralýar, Olarda ýol hereketini sazlaýan çyralaryň, ýol nyşanlarynyň we belgileriniň häzirki zaman görnüşleriniň üsti bilen ýol hereketiniň düzgünleri düşündirilýär.

       Halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

 

 

 

Gulatar Gazakow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar