TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Howpsuzlygy gazanmak — möhüm wezipe
Howpsuzlygy gazanmak — möhüm wezipe
24.09.2026 Çäk birleşmeler

Howpsuzlygy gazanmak — möhüm wezipe

       TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Bereket etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň, okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsyzlygy barada wagyz nesihat çäresi geçirildi

       Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan ajaýyp başlangyçlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys» diýip nygtaýar we munuň üçin ähli şertleri döredip berýär. Adamlaryň abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri-de ulag ýollarynda howpsuzlygy gazanmakdyr. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ähmiýet berilýär. Yzygiderli guralýan düşündiriş hem-de wagyz-nesihat çärelerinde ýol hereketiniň düzgünleri we olary pugta berjaý etmegiň zerurlygy barada giňişleýin gürrüň edilýär, hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň biraýlygyň, bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Ol ýol hereketiniň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegini gazanmakda, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çärelerini geçirmäge biziň etrabymyzda hem uly her bir adamyň borjudygyny anyk deliler arkaly düşündirilýär.

       Halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

 

 

 

 

 

Gulatar Gazakow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar