Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim Ministriliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnamaklarynyň arasynda ösüp gelýän ýaş nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerine bagyşlanyp yglan edilen “Hünärli nesil-röwşen geljek” atly bäsleşik geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Zenanlarymyz zähmetiniň miweleri eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde öz beýanyny tapýar” diýen ajaýyp sözlerini belent at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň taryhy dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, medeni mirasynyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalarynyň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmaklaryna, şeýle hem nesil terbiýesine uly ähmiýete beripdir. Olarda zähmetsöýerligi, dogruçyllygy, mertligi, ululara hormat goýmagy kemala getiripdirler. Çagalara edep-ekram terbiýesini bermekde,milli ahlak kadalarynyň birkemsiz berjaý edilmeginde we olary nesilden-nesle geçirmekde türkmen zenanlarynyň orny örän uly bolupdyr. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen “Hünärli nesil-röwşen geljek” atly bäsleşik okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine bolan ukybyny artdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem bu bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gyzlar gurnaklarynyň işini kämilleşdirmäge, okuwçy gyzlary el işlerine, dürli hünärlere ugrukdyrmaga, olaryň jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşmaklygyny gazanmaklyga we amaly-haşam sungatyna bolan söýgüsini, ukubyny, zehinini hem-de çeper elli okuwçy gyzlaryň başarnygyny açyp görkezmäge ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşyjy okuwçy gyzlar ýurdumyzda hünär saýlap almak, el işlerine ussat gyzlar bolup ýetişmek üçin döredilýän mümkinçilikler barada öz okaýan mekdebinde hereket edýän gyzlar gurnamagynyň işiniň üsti bilen ýerine ýetirýän işlerini şahyrana wasp edip hem-de asylly gyz edebi bilen bagly bolan milli däplere, uly hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny beýan etdiler. Okuwçy gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp, öz ýanlary bilen getiren milli lybaslardaky gutarylmadyk işini eminleriň gözegçiliginde (keşde çekmek,köjüme köjemek, basma basmak, pugtamak, jähek çalmak, aldygaç çalmak, jorap örmek, örüm işlerini, haly önümlerini dokamak we ş.m.) ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Mundan başgada bäsleşigiň şertine laýyklykda gatnaşyjy gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň "Bereketli türkmen saçagy" atly kitaby boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesmeli we tagamyň taýýarlanyşyny çeper sözleriň, aýdyşyklaryň, nakyllaryň üsti bilen çeper beýan etdiler.
Eminler topary tarapyndan bahalandyrylyp hem-de netijeler boýunça ýeňijiler kesgitlenip Magtymguly etrap Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan 1-nji, 2-nji 3-nji orunlaryna mynasyp bolan okuwçy gyzlara sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyza asuda durmuşy, parahat ýaşaýşy peşgeş beren, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gurbanmämmet Amanow,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň
Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy