TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / “Hünärli nesil-röwşen geljek” bäsleşigi geçirildi
21.09.2026 Çäk birleşmeler

“Hünärli nesil-röwşen geljek” bäsleşigi geçirildi

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere barýan Watanymyz pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän ýaş nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerine bagyşlanyp,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda “Hünärli nesil-röwşen geljek” atly bäsleşiginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap tapgyry geçirildi.

       Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzlar bäsleşigiň birinji şerti boýunça ýurdumyzda hünär saýlap almak, el işlerine ussat gyzlar bolup ýetişmek üçin döredilýän mümkinçilikler barada öz okaýan mekdebinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işiniň üsti bilen ýerine ýetirýän işlerini şahyrana wasp etdiler.

       Ikinji şertde Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp,öz ýanlary bilen getiren milli lybaslaryndaky gutarylmadyk işlerini ussatlyk bilen görkezdiler.

       Bäsleşigiň üçünji şertinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesdiler we taýýarlanylyşyny çeper beýan etdiler.

       Bäsleşigiň jemi boýunça  Türkmenbaşy etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň  “Çeper elli gözel gyzlary” topary  ýeňiji diýlip yglan edildi.

       Bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzlar Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

 

 

 

Şemşat Arazmämmedowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş buhgalteri

Degişli Habarlar