TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / “Hünärli nesil-röwşen geljek”
25.09.2026 Çäk birleşmeler

“Hünärli nesil-röwşen geljek”

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly-at myradyň mekany” ýylynda watanymyzyň ösüşini dabaralandyrýan dürli mazmunly çäreleri geçirmek ýurdumyzda giň gerim bilen ýaýbaňlanýar.

    Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, olaryň milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy çuňňur öwrenmegi, hem-de bilim berýän mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň ýoluň açylmagy – hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmagy, olaryň milli ruhda terbiýelenip ýetişmegi ugrundaky edýän atalyk aladalarynyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda aýdyň ýol bilen öňe barýan Watanymyzyň geljegi bolan, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösip gelýän ýaş nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerine bagyşlanyp yglan edilen “Hünärli nesil-röwşen geljek” atly bäsleşigiň Gyzylarbat etrap tapgyry geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe el işleri bilen meşgullanýan çeper elli gyzlar bäsleşdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde Gyzylarbat etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň gyzlar topary ýeňiji bolup welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

    Ýeňijilere Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Gyzylarbat etrap bölüminiň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň hormat hatlary we sylaglary gowşuryldy.

 

 

 

 

Aýnagözel Muhammedowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap

birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar