Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, Hormatly Prezidentimiziň mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmek, eziz halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin edýän aladalarynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylyp, guwandyryjy netijeler gazanylýar we ýurdumyzyň oba hojalygynda her bir babatda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetilýär. Zähmetsöýer kärendeçilerimiziň başyny tutan her bir işi, asylly arzuwlary rowaçlyk menzillerinde hasyl bolýar.
Altyn güýzüň häzirki günlerinde etrabymyzda pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam etýär, etrabymyzyň edermen daýhanlary güneşli Diýarymyzyň bereketli topragyna bar yhlasyny, alyn derini, gujur-gaýratlaryny siňdirip, tutanýerli zähmet çekip, ýylyň-ýylyna “ak altynyň” bol hasylyny ýygnamakda öz şahsy goşantlaryny goşan janypkeş daýhanlarymyzyň zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri hem her bir oba hojalyk möwsüminiň dowamynda kärendeçileriň, daýhanlaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleriniň oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň iş şertleri bilen tanyşmagy, wagyz-nesihat çäreleriniň geçirmegi ekin meýdanlarynda ýadawsyz zähmet çekýän adamlaryň ruhubelentligini, işeňňirligini has-da artdyrýar şeýle-de kärendiçileriň arasynda ussat kärendeçiler atly bäsleşikler gurnap bäsleşikde ýeňiji bolanlara TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi tarapyndan höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.
Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşatýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işlerinde rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Gulatar Gazakow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Bereket etrap birleşmesiniň başlygy