TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Jemgyýetiň ösüşinde zenan zehini
18.09.2026 Çäk birleşmeler

Jemgyýetiň ösüşinde zenan zehini

   «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynda Zenan kalby žurnalynyň döredijilik topary, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi, TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi myhmançylykda bolup, il sylagly eneler, ýazyjy şahyrlar, bilim ulgamyndan wekiller, halyçy zenanlar  bilen, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi şeýle hem Gahryman arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy  mynasybetli duşuşyk geçirildi.

   Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi mynasybetli geçirilen duşuşykda Garaşsyzlygyň beren bagty, ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri, barada giňişleýin gürrüň edildi.Duşuşykda halyçy zenanlar çykyş edip, özleri üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler barada buýsanç bilen aýtdylar, şeýle-de sorag-jogaplaryň alşylmagy duşuşygyň täsirli hem gyzykly geçmegine getirdi.

   Duşuşykda çykyş eden zenanlar Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän, milli demokratiýamyzy dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini egsilmez alkyşlar bilen arzuw etdiler.

 

 

 

Gulatar Gazakow

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar