TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Kerem-keramatdyr eneler
18.09.2026 Çäk birleşmeler

Kerem-keramatdyr eneler

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, Garaşsyz Diýarymyzda gelin-gyzlarymyza ýagşylyklary özünde jemleýän ynsan hökmünde çuňňur sarpa goýulýar. Zenan mertebesine sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginiň zerur şerti garap gelýän halkymyz, olaryň jemgyýetiniň hemme taraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün etmekdäki ornuna örän ýokary baha berýär. Çünki zenanlar maşgala binýadyny berkitmekde, ýaş nesilleriň Watana wepaly perzentler bolup kemala gelmeginde gerdeninde juda uly borjy göterýän beýik şahsyýetler bolup durýar.

       Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesinde ýaşaýan  köp çagaly zenanamyz Aýgül Garaýewa bilen  TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi tarapyndan söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ”Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýip Hormatly Prezidentimiziň  aýdanlary nygtap geçildi.

        Şeýle ajaýyp döwletde ýaşamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikler döredilen, bu aladalaryň arkasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalarynyň bardygy biziň ýüregimizi joşa getirýär.

        Goý, şeýle ajaýyplyklary bize peşgeş berýän Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik bolup, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin ! 

 

 

Guwanç Meredow

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar