TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Maslahat geçirildi
Maslahat geçirildi
03.09.2026 Çäk birleşmeler

Maslahat geçirildi

  Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi TMÝG-nyň etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň polisiýa bölüminiň mejlisler otagynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, aýratyn-da çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemek maksady bilen, ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biaýlygyň badalga almagy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş we sport edaralarynyň, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri, ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge we raýatlarymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilen bu giň gerimli çäräniň ähmiýeti, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ýollarda howpsuz hereketiň düzgünlerini berjaý etmek barada giňişleýin gürrüň edildi hem-de il saglygy barada taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler. Şeýle hem biaýlygyň dowamynda geçirilmeli çäreler barada meýilnama kabul edildi.  

 

 

 

 

 

 

Meretdurdy Kitçimow,

TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar