Malim bolşy ýaly, 23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň möhüm wakasy bolan bu ählihalk forumy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň täze taryhyna badalga berjek taryhy ähmiýete eýe bolar. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleiň jemi jemlener. Halkyň abadançylygy, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi barada çözgütler kabul ediler.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy has-da jebisleşdirip, belent maksatlara ruhlandyrar. Döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, taryhy çözgütler kabul ediler. Ine, şular barada TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde “Milli demokratiýanyň aýdyň nusgasy” ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabaraly maslahatda giňişleýin gürrüň edilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini, halkymyza hemişe üstünlikler ýar bolup, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Meretdurdy Kitçimow,
TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni