Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere milli mirasy,milli gymmatlyklarymyzy hem-de zähmet terbiýesini öwretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň arasynda el hünärine bolan höwesini artdyrmak,olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we milli el işlerimizi gelejekki nesillere ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýa, radio gepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnamaklarynyň arasynda ösüp gelýän ýaş nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerine bagyşlanyp yglan edilen “Hünärli nesil-röwşen geljek” atly bäsleşik Bereket etrabynyň orta mekdeplerde hereket edýän gyzlaryň arasynda dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bäsleşigiň barşynda okuwçy gyzlar özleriniň gözbaşyny asyrlardan alýan milli keşdeçilik, alaja, jorap örmek, haly dokamak we beýleki işleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň çeken zähmeti, döredijilik ukyplary ýaşlaryň kalbynda ene-mamalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzyň hemişelik ýaşaýandygyny etdi. Bäsleşigiň 3-nji şerti boýunça gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” kitaby boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesip, tagamyň taýýarlanyşyny çeper beýan etdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Şeýlelikde çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orny eýelän 20-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlary bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Amanbibi Kürenowa
Bereket etrap bilim bölüminiň
hünärmeni KA-nyň işjeň agzasy