TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Bereket etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň, okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsyzlygy barada wagyz nesihat çäresi geçirildi
Günsaýyn ösýän we özgerýän eziz Diýarymyzda täze awtoulag ýollaryny gurmak, öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler durmuşa geçirilýär. Aýna ýaly tekiz ýollaryň ugrunda döwrebap awtoduralgalaryň gurulmagy, häzirki zaman ýol belgileriniň, maglumat görkeziji elektron tagtalaryň, awtoulaglaryň tizligini ölçeýji enjamlaryň goýulmagy hereketiň howpsuz bolmagyny gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Sürüjiler ulaglara erk edenlerinde seresaply bolsalar, pyýada ýolagçylar hem ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etseler, hereketiň sazlaşykly boljakdygy hemmämize mälim. Sürüjileriň ulagy dolandyrýan wagtlarynda awtoulaglary bellenilenden ýokary tizlik bilen sürmekleri ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirýän esasy sebäpleriň biridir. Şonuň üçin sürüji ulagy kadalaryň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän tizlik bilen sürmelidir. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän dürli mazmunly çäreleriň oňat netije berýändigi bizi guwandyrýar. Olaryň has hem netijeli bolmagyny gazanmakda tagallamyzy gaýgyrmarys
Halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il- -ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.
Gulatar Gazakow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Bereket etrap birleşmesiniň başlygy