Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda eden taryhy çykyşynyň mazmunyny ýaş nesle ýetirmek hem-de wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi Balkan welaýat kitaphanasynda “Ösüşleriň aýdyň ýoly” atly wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi.
Talyplaryň, ýaş hünärmenleriň we kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda bolup geçen bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly bentleri, ýaşlara goýýan uly ynamy we döwletimiziň geljegi ugrundaky taýsyz tagallalary giňden düzüldi.
Ýygnakda ýaşlaryň ata Watanymyza bolan çäksiz söýmegini artdyrmak, zähmet däplerini dowam etdirmek we bilim almakda belent sepgitlere ýetmek baradaky tabşyryklar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty, döwlet tarapyndan ýaş nesle döredilýän giň mümkinçilikler giňişleýin wagyz edildi.
Ýygnagyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapakyndaky jümleleriň her bir ýaş hünärmen we talyp üçin durmuş ýörelgesine öwrülmelidigini bellediler. Watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaş nesiller üçin döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Çäräniň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyryp ýören soraglaryna jogap alyp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrylyp ýatan beýik işlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryny buýsanç bilen beýan etdiler.
Jeren Garajaýewa,
TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni