TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Rowaçlyklaryň binýady
03.09.2026 Çäk birleşmeler

Rowaçlyklaryň binýady

      Bereket etrabynyň 19-njy orta mekdebinde bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, “Bilimli ýaşlar röwşen geljegimizdir” atly  medeni çäresi geçirildi. Çärede TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy Gulatar Gazakow çykyş etdi,ol öz çykyşynda şeýle diýdi:Täze okuw ýylynyň öň ýanynda bilim işgärleri täze iş usullaryny öwrenmek, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak işlerini göwnejaý ýerine ýetirdiler. Bereket etrabynyň mekdeplerinde okuw ýylyna taýýarlyk işlerine irgözünden girişildi.

          Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine göwnejaý alyp barmak döwrüň möhüm talabydyr.Şu nukdaýnazardan hem etrabyň ähli mekdeplerinde guramaçylykly işler ýola goýuldy. Orta mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak boýunça 23 sany orta mekdepde, 9 sany çagalar bagynda, Saglygy dikeldiş we okuw- terbiýeçilik toplumynda abatlaýyş-bejeriş işleri geçirildi, synp otaglarynyň ählisi täze okuw ýylyna taýýar edildi. Olardaky partalardyr oturgyçlar, synp tagtalary, okuw-tehniki, şol sanda multimediýa enjamlary, kompýuterler otaglary doly gözden geçirildi.

         Mekdep bosagasyndan ilkinji gezek gadam basjak körpeler üçin, okuw kitaplaryndan başga-da, dersler boýunça depderler hem ýeterlik derejede çap edildi. Olar täze okuw ýylynyň ilkinji gününde körpelere paýlanyp berler. Şeýle-de 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan öwrediji kompýuter sowgat berler. Okuwçylara okamak, dynç almak üçin amatly şertleri döretmek bilen birlikde, olara bilim berjek mugallymlary taýýarlamak işleri hem alnyp baryldy.

        Täze okuw ýyly Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen utgaşyp, bilim baýramçylygyny dabaralandyrýar. Bu baýramçylygy guramaçylykly geçirmek we onuň many-mazmunyny açyp, terbiýeçilik ähmiýetini okuwçylara düşündirmek, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek her bir mugallymyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Bilim babatdaky özgertmeler çaganyň aň taýdan ösüşiniň, ukybynyň döredijilikli bolmagyny maksat edinýär. Pedagogik işgärler okuw maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipelerini öz iş ussatlyklary, sapaga döredijilikli çemeleşişleri, ýaş nesillere ýokary hilli bilim-terbiýe bermek, okatmagyň usulyýetini yzygiderli baýlaşdyrmak arkaly çözmelidirler.

         Bilim ynsana ganat, ösüşlere badalga, ýurt binasynyň mizemez binýadyr. Şu hakykatdan ugur almak bilen etrabymyzyň orta mekdeplerinde işler gyzgalaňly barýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, bilim ojaklarynyň abatlaýyş işleri tamamlanyp, synp otaglary okuwa doly taýýar edildi. Ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek 6 ýaşly körpeler ak arzuwlara beslenip, bilimler dünýäsine gadam basarlar.Ak mekdeplerde olara sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.

         Bilimli, giň dünýägaraýyşly, ahlakly, dogruçyl nesli kemala getirmek ugrunda uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! diýip sözüni jemledi.      

         Çäräniň soňunda TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi tarapynda öňde baryjy bilim işgärlerine höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

 

 

Guwanç Meredow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar