TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Şanly baýrama bagyşlandy
Şanly baýrama bagyşlandy
07.09.2026 Çäk birleşmeler

Şanly baýrama bagyşlandy

   Ýakynda TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda etrabyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler otagynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesi TDP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk berdi bize bu bagtyýarlygy” at bilen wagyz-nesihat çäresiniň geçirdi. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

    Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ruhy mirasymyzy baýlaşdyrmaga, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berendigi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyly içinde ýetilen belent sepgitler, özgertmeler barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Hem-de bu baş baýramy halkymyzyň, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik guramalarynyň mynasyp garşylamaga we ýokary derejede bellemäge taýýarlyk görýändigi barada täsirli gürrüňler edildi. Çärede çykyş eden jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmekde, hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalaryndan, ylaýta-da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan edýän talabyny, öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerini ynandyrdylar.

   Çärä gatnaşanlar halkymyzy döwletli döwranda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

 

 

 

Resul Atajanow,

TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar