TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Şanly Garaşsyzlykdan galkynan Diýar
Şanly Garaşsyzlykdan galkynan Diýar
25.09.2026 Çäk birleşmeler

Şanly Garaşsyzlykdan galkynan Diýar

    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy toý-baýramlara beslenýän döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň şanyna şan goşýar.

     Toýlary toýa ulaşýan, möhüm wakalary bilen taryhymyzda mynasyp orun alan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň häzirki günlerinde-de eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyny uly dabara bilen ýokary derejede giňden bellenilýär. Ýurdumyzyň baýramçylyk ruhuny has-da artdyran täze binalar açylyp ulanmaga berilýär. Şeýle ajaýyp desgalaryň, binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

      Garaşsyzlyk özygtyýarlylygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň nyşanydyr. Ine, şular barada TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň etrabyň medeniýet merkezinde “Şanly Garaşsyzlykdan galkynan Diýar” atly guralan aýdym-sazly dabaraly maslahatda giňişleýin gürrüň edildi.

      Çärä gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.                    

 

 

 

 

 

Meretdurdy Kitçimow,

TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni

 

Degişli Habarlar