Ýakynda Esenguly etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler otagynda TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesi Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” at bilen hoşallyk maslahatyny geçirdi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda birnäçe bilim edaralarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy okuw sapagynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp guralan hoşallyk maslahatyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekiller, mugallymlar, ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň talyp ýaşlary bilen geçiren umumy sapagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaş nesillere bil baglaýandygy, ýaşlarymyzyň el-ele berip, yhlasly zähmet çekip, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine bildiren belent ynamy barada buýsanç bilen bellenildi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Ýaşlar bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlaryndan, öwüt-ündewlerinden ruhlanyp, özlerine bildirilen ynamy ödemek üçin yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar. Dabara gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, döwletli ýolunyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat-dowam, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Meretdurdy Kitçimow,
TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni