TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Täsirli çäre
Täsirli çäre
03.09.2026 Çäk birleşmeler

Täsirli çäre

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen her bir raýatyň okamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli şertler döredilýär. Watanymyzda sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň badalga berilmegi hem raýatlaryň abadan durmuşyň hözirini görmekleri üçin edilýän aladalaryň biridir.

   “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebinde hem Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň,TMÝG-nyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň  we Polisiýanyň Türkmenbaşy etrap bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

    Çärede ýaşlara köçe-ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada ýollarda, çatryklarda hereket etmegiň tertibi, ýol belgileriniň, yşyklarynyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň edildi.

 

 

 

 

Şemşat Arazmämmedowa,

TKA-nyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş hasapçysy      

Degişli Habarlar