TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Täsirli çäre
Täsirli çäre
22.09.2026 Çäk birleşmeler

Täsirli çäre

       Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesi Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebinde bilim bölüminde zähmet çekýänleriň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler Halk maslahaty demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmekde jemgyýetçilik syýasy, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmekde şeýle-de hem Türkmenistanyň konstitusiýasyna, Konstitusion kanunyna laýyklykda hereket edýän we halkyň bähbitlerini goraýan, jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, wezipeleri çözmäge gönükdirilen işleri yzygiderli alyp barýandygy barada aýdyp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

 

 

 

 

Dursuntagan Abaýewa,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň

KA-nyň Türkmenbaşy etrabyndaky ilkinji guramalarynyň

başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy  

Degişli Habarlar