Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, ösüş-özgertmelerini, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-halkyň bähbidine amala aşyrylýan beýik işleri wagyz-nesihat etmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, önümçilik kärhanalarynda düşündiriş işleri alnyp barylýar.
Pagta ýygymy möwsüminiň ýetip gelýän häzirki günlerinde etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda hem-de pagta arassalaýjy kärhanasynda geçirilýän düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmakda hem tagallalar edilýär. Bilşimiz ýaly, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilýän «ak altyny» ýitgisiz ýygnamakda, daşamakda we talabalaýyk kabul etmekde etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlaryna, pagta arassalaýjy kärhananyň işgärlerine möhüm orun degişlidir.
Geçirilýän düşündiriş işleriniň barşynda pagta hasylyny ýygnamaga, daşamaga we kabul etmäge gatnaşjak zähmetkeşlere tehniki howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça gymmatly maslahatlar berilýär. Özara sowal-jogap alşylmalar çäreleriň täsirliligini artdyrýar.
Jumamuhammet Mahmydow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň baş buhgalteri