TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Türkmenistan Ata Watan, Garaşsyz Diýarym meniň
Türkmenistan Ata Watan, Garaşsyz Diýarym meniň
22.09.2026 Çäk birleşmeler

Türkmenistan Ata Watan, Garaşsyz Diýarym meniň

       Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz gün saýyn ösýär, özgerýär gül açýar. Aňyrsy müňýyllyklardan gaýdýan türkmeniň taryhy aýlanyp duran çarhypelek mysaly agyr külpetleri başyndan geçiren geçmişi geçmişli halkyň bu günki günde başgaça eşretli ýaşaýyşa asuda, parahat durmuşa ýeten türkmen halkynyň ýoluna ýagty saçjak döwlet emele gelendir. Bu biziň ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyz Türkmenistan Ata watanymyzdyr.  Ata–baba dowam edip gelýän bu ýörelgelere Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli pudaklar boýunça her bir ugry ýokary derejede ösdürmekde içeri we daşary syýasaty öwrenmek, goramak, asuda, parahat durmuşda ýaşamaklyk üçin ýerine ýetirilýän işler bimöçberdir.                                        

        Ýurdumyzyň pajarlap ösmegine zähmetkeş halkyň üstünlikli zähmet çekmegi uly ähmiýete eýedir. 2026-njy ýyl “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýyl diýip yglan edilmegi Ata watanymyzyň taryhy ösüşleriniň depginini we röwşen geljegimizi aýdyň görkezýär. Bu şöhratly ýyl aýratyn taryhy ähmiýete eýedir. Çünki şu şanly ýylda Türkmeniň agzybir halky Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllyk şanly toýuny uly dabaralar bilen zähmet üstünlikleri we ruhybelentlik bilen garşylar.

       Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler we ýurdumyzyň ýagty gelejegine gönükdirilen beýik işler türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň mizemez kepilidir. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun tutýan tutumly işleri rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

 

 

Esenmeret Esenmämmedow,

Saglygy goraýşyň işgärleriniň

Kärdeşler arkalaşygynyň

Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy

 

Degişli Habarlar