Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň hem-de bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynyň 13-nji orta mekdebinde her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady. Ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen gelejegiň binýady hasaplanýar. Şonuň üçin ulgamy ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly “Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir”. Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallygynyň çägi ýokdur. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyza asuda durmuşy, parahat ýaşaýşy peşgeş beren, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gurbanmämmet Amanow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arklaşyklarynyň
Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy