TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Wagyz-nesihat çäresi
Wagyz-nesihat çäresi
07.09.2026 Çäk birleşmeler

Wagyz-nesihat çäresi

       2026-njy ýylyň 04-nji sentýabrynda Etrek etrabynyň 5-nji orta mekdebinde TKA-nyň Etrek etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Etrek etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Baş mekdepsiň ýaş nesliňe Arkadag” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň işgärleri, hormatly il ýaşulysy hem-de ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy.

       Maslahatda çykyş edenler täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň bilim işgärlerine, talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna geçen umumy sapagynyň many-mazmunyny, sapakda beýan edilen pähim-paýhasa ýugrulan her bir jümle mugallymlara, talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna bilim almak ugrundaky söýgüsiniň mundan beýläkde belent bolmagy barada gürrüň etdiler. Şeýle hem ýaşlara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.

       Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler! Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!    

 

 

 

 

Japar Baýjaýew,

TKA-nyň Balkan welaýatynyň Etrek

etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.

Degişli Habarlar